- agşam
- 1) Günüň ýaşan çagy, sutkanyň gündiz gutaransoň gije bilen aralygyndaky wagt.∙ Nabat eje, agşam düşen badyna garaja öýüniň iki taý gabsasyny-da aýryp goýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Şatlygyny paýlaşmak üçin şol agşam direktoryň ýanyna gelip giden adamyň hetdi-hasaby ýokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Orta bilimi bolsa men geçen ýyl aldym. Gündiz işläp, agşam okadym. (N. Jumaýew, Ak Derek)2) Şol wagtda geçirilýän jemgyýetçilik ýygnanyşygy.∙ Edebiýat agşamy. Tans agşamy.◊ agşamyň haýyrly bolsun — Ýatmazdan öň birine ynjalykly ýatmagy arzuw edip aýdylýan aňlatma.∙ Agşamyň haýyrly bolsun, Sarykbaý! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.